logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenabatdaky fabrikde 49 million 496 müň manatlyk nah ýüplük öndürildi
  28.03.2023
1162
Türkmenabatdaky fabrikde 49 million 496 müň manatlyk nah ýüplük öndürildi

Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi döwrebap enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanalaryň biri bolup durýar. Kärhanada geçen ýylda meýilleşdirilen 38 million manatlygyň ýerine 49 million 496 müň manatlyk nah ýüplük öndürildi.

Pamyk egriji fabrikde şu ýylyň başyndan bäri ýokary hilli nah ýüplügiň 10 million 610 müň manatlygy öndürilip, meýilnama manat hasabynda 104 göterim ýerine ýetirildi. Ýylyň başyndan bäri nah ýüplügiň 120 tonnasy Russiýa, Türkiýe ýaly ýurtlara eksporta ugradyldy. Munuň özi 1 million 699 müň manatlyga barabardyr. Kärhana geçen ýylyň dowamynda 20 million 72 müň 679 manatlyk önümi eksporta iberdi. Fabrigiň zähmet adamlary bu ýyly hem zähmet üstünliklerine beslemegi belent maksat edinýärler.