logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /«Türkmenbaşy - Baku – Türkmenbaşy» ugry boýunça ýolagçy peteklerini onlaýn satyn alyp bolýar
  19.11.2022
1054
«Türkmenbaşy - Baku – Türkmenbaşy» ugry boýunça ýolagçy peteklerini onlaýn satyn alyp bolýar

Indi, «Türkmenbaşy - Baku – Türkmenbaşy» ugry boýunça ýolagçy peteklerini onlaýn satyn alyp bolýar. Bu barada «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Halkara ugry boýunça ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan «Berkarar» we «Bagtyýar» parom gämileri ýolagçylaryň we ulaglaryň deňiz gatnawlaryny yzygiderli dowam etdirýär. Bu gämileriň her biri 54 sany ulag serişdesini we 200 ýolagçyny ýerleşdirmek bilen, olaryň hersiniň 4 sany kaşaň kabinasy, 30 sany adaty kabinalary we 136 sany oturylýan ýerleri bar. Şeýle hem gämilerde ýolagçylara hyzmat edýän restoran, kafe, dükan, oýun meýdançalary, lukmançylyk merkezi we beýleki hyzmat ediş merkezleri bar. Petekleriň bahasy synpyna baglylykda 1200-den 2200 manada çenli tapawutlanýar. 

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 243 49618.