logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /“Türkmengaz” döwlet konserni Petrofac kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy
  10.03.2024
609
“Türkmengaz” döwlet konserni Petrofac kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy

“Galkynyş” gaz käninde hyzmat bermek maksady bilen Global energetika pudagynda öňdebaryjy hyzmatlary üpjün ediji Petrofac kompaniýasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy.

 

 

Şertnamanyň bahasy 200 mln dollardan gowrak boldy. Petrofac kompaniýasy gaz käninde amallara we tehniki hyzmatlara gözegçilik etmek we goldaw bermek üçin, işgärler bilen üpjün eder, şeýle-de tehniki goldawy we satyn alyş boýunça hyzmatlary hödürlär.  

 

 

Kompaniýa käniň 1 we 1A merkezi tehnologik desgalarynyň netijeli işlemegini goldamak üçin dolandyryş ulgamlaryny işläp düzmegine we ornaşdyrmagyna garaşylýar.

 

 

Mundan öň Petrofac halkara kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça toplumy, şeýle-de ýerüsti önümçilik desgalaryny gurmak taslamasyny durmuşa geçiripdi.

 

Aýlar BABANAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.