logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Türkmeniň “Alabaý iti” barada
  26.10.2020
2124
Türkmeniň “Alabaý iti” barada

       Ýagny,   2017-nji ýylda geçirilen V Aziada oýunlarynyň şekili hökmünde wepaly alabaýyň saýlanyp alynmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki türkmen halky uzak geçmişiň dowamynda alabaý bilen ruhy ýakynlygy saklady, wepaly ýoldaş boldy. Dabaralarda göze ýakymly saýylan mähirli alabaý hem ýurdumyzda tutulan şol uly sport toýunyň ajaýyp bezegine öwrüldi. Bu günki gün wepaly alabaý ýeňşe bolan erk-islegiň, gaýduwsyzlygyň we hyjuwlylygyň nyşanyna öwrüldi. Türkmeniň wepaly kömekçisiniň dogumlylyk, merdanalyk, başarjaňlyk, çeýe-çakganlyk, hüşgärlik, şadyýanlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri türkmen türgenleriniň ýeňişli ýollaryna ýaran bolýar.

Türkmen alabaýynyň terbiýelinişi saklanyşy, häsiýetiniň bolsa edil adamlaryňky ýaly hojaýyny, hossary, dosty gamgyn wagty ony şatlandyrmak üçin her hili oýunlary görkezýändigini, uruşmana gitmezden öň käýelende bolsa göwüniniň ýykylyp kän bir şol geçirilýän bäsleşige höwessiz gatnaşýandygyny, özünden ejiz itlere kän degmeýändigini, özünden güýçli itler bilen bäsleşmäne çykanda gaýduwsyzlygyny görkezip soňuna çenli göreşýändigini şeýle hem hojalygyndaky itleriň nämeler bilen iýmitleýändigi, nädip terbiýeleýändigi barada giňişleýin bellemek bolar.

       “Her hili ýagdaý bolanda-da, milli gymmatlygymyza biziň öz garaýşymyz, öz çemeleşişimiz bolmaly. Alabaý-biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony  gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz. Halkymyzyň milli baýlyklaryny içgin öwrenip, olaryň ynsana mahsus belent duýgularyň, manyly oý-pikirleriň dünýäsidigini açýar. Olary aýamagyň möhümdigi şeýdip has çuňlaşýar. Itler, olaryň tohumlary, olary ösdürip ýetişdirmek we peýdalanmak baradaky ylym bilen meşgullanýan ady belli alymlaryň işlerinde alabaý gadymylygy, merdemligi, edenliligi bilen tanalýar.

 “Ýurdumyzyň çäklerinde alabaý itlerini idetmek bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň kändigi örän guwandyryjy bolup durýar. Geçen asyryň ikinji ýarymynda adygan alabaýlaryň içinde türkmen itçileriniň ideden arwanalarynyň hem ençemesi bolupdyr. Ýagny, 1930-njy ýylda türkmen itleriniň birnäçesi Germaniýanyň Leýpsig şäherinde sergä gatnaşdyrylypdyr.Türkmen itleriniň ady harby sungatyň taryhy bilen baglanyşyklydyr. Belli hökümdar serkerdeleriň ýanynda wepaly kömekçileriniň-arassa tohum itleriniň bolandygy geçmişiň baý mazmunly maglumat çeşmelerinde teswirlenilýär. Olaryň tejribesi hakyndaky söhbet ilden-ile, dilden-dile geçip” häzirki güne çenli saklanyp galypdyr.