logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Türkmeniň waharmany
  22.12.2020
783
Türkmeniň waharmany

Günden alar öz güýjüni,

Türkmeniň waharmany.

Datly nygmatlardan süýji,

Türkmeniň waharmany.

 

Daýhanlaryň alyn deri,

Daşy hatly, gözel tory.

Melewşe reňkli sary,

Türkmeniň waharmany.

 

Ýaz ekiler, tomus bişer,

Hyrydary çenden aşar.

Maşyn-maşyn dolup daşar,

Türkmeniň waharmany.

 

Bazaryň geçgin harydy,

Ýatdan çykmaz şirin dady.

Babadaýhan söýen zady,

Türkmeniň waharmany.

 

Şagal biler bişen wagty,

Sapagyndan düşen wagty.

Gawunlaryň täji-tagty,

Türkmeniň waharmany.

 

Bal ederler, kak ederler,

Horjun-horjun ýük ederler.

Garantgysyn köp ederler,

Türkmeniň waharmany.

 

Gören haýran, iýen haýran,

Şan şöhraty dünýä ýaýran.

Öz wagtynda iýseň derman,

Türkmeniň waharmany.