logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan 10 aýda Özbegistandan 1 müň 300 tonnadan gowrak hurmany import etdi
  23.11.2022
1068
Türkmenistan 10 aýda Özbegistandan 1 müň 300 tonnadan gowrak hurmany import etdi

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda, Türkmenistan özbek hurmasyny import etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy. Ýagny, 2022-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda Türkmenistan Özbegistandan 1 müň 300 tonnadan gowrak hurmany import edipdir.

Şunlukda Özbegistanyň daşary ýurtlara eksport eden ähli hurmasynyň 3%-i Türkmenistanyň paýyna düşýär. Türkmenistan özbek hurmasyny import etmekde Russiýadan (26,2 müň tonna), Gazagystandan (15,3 müň tonna) we Gyrgyzystandan (2 müň tonna) soňra dördünji döwlet bolupdyr.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Özbegistan jemi bahasy 27,3 million amerikan dollaryna deň bolan 45,6 müň tonna hurmany daşary ýurtlara eksport edipdir.