logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Türkmenistan 2023-nji ýylda 135 million dollarlyk oba hojalyk önümlerini eksport etdi
  14.04.2024
621
Türkmenistan 2023-nji ýylda 135 million dollarlyk oba hojalyk önümlerini eksport etdi

Türkmen telekeçileriniň 2023-nji ýylda eksporta iberen oba hojalyk önümleri ABŞ-nyň 135 million dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterimden hem ýokarydyr.


 

Eksport ugurly önümleriň möçberiniň artmagynda lebaply telekeçileriň hem paýy uludyr. Welaýatyň telekeçileri her ýylda ABŞ-nyň onlarça million dollarlyga barabar önümleri eksport edýärler. Bu görkeziji milli ykdysadyýetiň eksport ugrunyň ösmegine lebaply hususyýetçileriň goşýan goşandynyň saldamlydygyny aýdyň görkezýär.


 

«Altyn saraý», «Döwrebap çözgüt», «Altyn bürgüt», «Mizemez gadam» ýaly hususy kärhanalar ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda welaýatymyzda öz önümlerini eksporta iberýän hususy kärhanalaryň sany 16-a ýetdi. Bu san ýene-de artmak bilen.


 

Çärjew etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde pomidor ýetişdirýän telekeçi Güljahan Haýidowa hem öz önümlerini eksporta iberýänleriň hataryna goşuldy. Geçen ýylda işewür zenan hususy ýyladyşhanasynda ýetişdiren pomidor hasylynyň 120 tonnasyny Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana eksport etdi.


 

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanda geçen ýylda diňe pomidor önümçiliginiň eksport söwdasy ABŞ-nyň 100 million dollaryna ýetdi.

 

Gülnur BÄŞIMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.