logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan 4 aýda 398,8 million kub metr tebigy gazy Azerbaýjana eksport etdi!
  20.06.2023
983
Türkmenistan 4 aýda 398,8 million kub metr tebigy gazy Azerbaýjana eksport etdi!

Şu ýylyň 4 aýynda Türkmenistan 398,8 million kub metr tebigy gazy Azerbaýjan Respublikasyna eksport etdi. Netijede, Türkmenistandan Azerbaýjana iberilen tebigy gazyň pul hasabyndaky möçberi 59,1 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistan Azerbaýjana gaz satmak boýunça ikinji orunda durýar. Bu babatda birinji orunda barýan Russiýa geçen 4 aýda 143,2 million dollarlyk 800,6 million kub metr gazy Azerbaýjana eksport etdi.

Degişli döwürde Azerbaýjan jemi 1,2 milliard kub metr tebigy gazy daşary ýurtlardan satyn aldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,5 esse köpdür. Bu barada «Interfax» habar berýär.