logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Türkmenistan 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy
  23.10.2025
527
Türkmenistan 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tbiliside geçirilen 5-nji Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy. “Baglanyşyga maýa goý – durnuklylykda ös” şygary bilen geçirilen bu giň möçberli foruma 60-dan gowrak ýurduň döwlet wekilleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de işewürler gatnaşdy.

 

Forumda çykyş eden R.Meredow Türkmenistanyň howpsuzlyga umumy we bölünmez konsepsiýa hökmünde garaýandygyny aýdyp, ynanyşmak, öňüni alyş diplomatiýasy we bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek teklibini öňe sürdi.

 

Şeýle hem Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, halkara energetika, ulag we ekologik hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berýändigini belläp geçdi. Forumyň çäklerinde ulag-logistika, “Orta geçelge”, energetika we sanly arabaglanyşyk ugurlary boýunça tematik sessiýalar geçirildi.

 

Leýli MOMMYÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet
mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.