logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan 712 tonna özbek pissesini import etdi
  10.11.2022
1256
Türkmenistan 712 tonna özbek pissesini import etdi

2022-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan 712 tonna özbek pissesini import edip, Özbegistandan pissäni import etmek boýunça öňdäki bäş ýurduň hataryna geçdi. Şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Özbegistanyň daşary ýurtlara eksport eden pissesiniň 5,3%-i Türkmenistanyň paýyna düşýär.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň dowamynda Özbegistan umumy bahasy 17,6 million amerikan dollaryna barabar bolan 13,4 mün tonna pissäni daşary bazarlara ugradypdyr. Häzirki wagtda özbek pissesiniň iň iri import edijisi Russiýa Federasiýasy (4,4 müň tonna) hasaplanýar.