logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistan 9 şähere halkara uçuşlaryny gaýtadan dikeldýär!
  10.03.2023
1259
Türkmenistan 9 şähere halkara uçuşlaryny gaýtadan dikeldýär!

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Bangkoka (Tailand), Minskä (Belorussiýa), Delä (Hindistan), Almata (Gazagystan), Sankt-Peterburga (Russiýa), Ankara (Türkiýe), Pariže (Fransiýa), Seula (Koreýa Respublikasy) we Tokio (Ýaponiýa) ýaly şäherlere (ýurtlara) şu ýylyň mart-aprel aýlarynda göni uçuşlara gaýtadan başlar.

Şeýle hem Türkmenistan Hanoý (Wýetnam), Seul (Koreýa Respublikasy) we Şençžen (Hytaý) bilen kadaly ýük gatnawyny ýola goýlar.

Has takygy, 26-njy martdan Aşgabatdan Londona, Pekine, Delä we Almata ýolagçy uçuşlarynyň amala aşyrylyp başlanýandygy «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web saýtynda mälim edilýär.

Gatnawlaryň täzelenen rejenamasyny şu ýerden görüp bilersiňiz!