Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldaýar!
  30.05.2023
511
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldaýar!

29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwlet Baştutanymyz we ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns merkezinde saklanýan möhüm ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin görülýän çäreler babatda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň garaýyşlaryndan ugur alnyp, bu meseläniň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda ählumumy ekologik wezipeleri çözmek hem-de daşky gurşawy senagat ösüşiniň depginleri bilen baglanyşykly antropogen ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirinden goramak ulgamynda ýurdumyzyň garaýyşlary beýan edildi. Şunda Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özara bähbitlere, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmäge gyzyklanmalary tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýokarda agzalan ugurlar boýunça binýatlaýyn halkara resminamalara goşulmak bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy mejlisinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldap, onuň kadalaryny jikme-jik öwrenmäge hem-de oňa goşulmak mümkinçiliklerine garamaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Şu maksat bilen ýurdumyzda yzygiderli işler amala aşyrylýar. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan nebitgaz, energetika, ulag we beýleki pudaklarda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy ýokary tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyny ugur edinýär.

Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär. Ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini azaltmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Şeýlelikde, ýurdumyz häzirki döwürde tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşýär we olaryň oýlanyşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga anyk goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.