logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara ugurlar boýunça uçar petekleriniň nyrhlaryny üýtgetdi
  08.11.2022
1046
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara ugurlar boýunça uçar petekleriniň nyrhlaryny üýtgetdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän halkara ugurlar boýunça uçar petekleriniň bahalary üýtgetdi. Awiakompaniýa häzirki wagtda bäş sany halkara ugur boýunça ýagny Dubaý (BAE), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Kazan (RF, Tatarystan), Moskwa (RF) we Stambul(Türkiýe) boýunça uçuşlary amala aşyrýar.

Ýokarda agzalan ugurlar boýunça uçar peteklerini kassalardan satyn alyp bolýar. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň täzelenen halkara ugurlar boýunça uçar petekleriniň täze nyrhlary: 

Aşgabat-Dubaý aralygyna petegiň bahasy – 5785 manat;
Aşgabat-Maýn boýundaky Frankfurt – 8225 manat;
Aşgabat-Stambul – 6825 manat;
Aşgabat-Moskwa – 6860 manat;
Aşgabat-Kazan – 6835 manat;

Maglumat almak üçin telefon belgiler: +99312391717, 99312391718, 99312391719, 99312391720.

Howa gatnawlarynyň Baş agentliginiň salgysy: Aşgabat, Oguzhan köç. 211.