logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan B5+1 formatyndaky halkara işewürlik forumyna gatnaşýar
  05.02.2026
476
Türkmenistan B5+1 formatyndaky halkara işewürlik forumyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Bişkek şäherinde geçirilen B5+1 formatyndaky iki günlük işewürlik forumyna Türkmenistan hem gatnaşýar. Forum Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen guraldy. 

 

Çärä gatnaşýanlaryň hatarynda döwlet edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri, işewürlik assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary, halkara kompaniýalaryň, maliýe institutlarynyň hem-de bilermenler jemgyýetiniň wekilleri bar.

 

Forum Halkara Hususy Telekeçilik Merkezi tarapyndan Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti bilen hyzmatdaşlykda guralyp, döwlet we hususy pudaklaryň arasynda yzygiderli dialogy ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk meýdançasy hökmünde çykyş edýär.

 

Duşuşygyň dowamynda maýa goýum we işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek, oba hojalygy, syýahatçylyk, ulag-logistika, maliýe-bank ulgamy, elektron söwda, IT pudagy hem-de möhüm mineral serişdeler boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle-de forumyň çäklerinde panel çekişmeleri geçirilip, B5+1 iş toparlary tarapyndan täze sebitleýin işewürlik gün tertibi hödürlenýär.

 

Şeýle hem bu barada Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiňiz.

 

Ogulsona GURBANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.