logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Türkmenistan — BAE işewürlik forumy geçiriler
  25.02.2026
237
Türkmenistan — BAE işewürlik forumy geçiriler

Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda üçünji Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri işewürlik forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu mesele Türkmenistanyň BAE-däki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Baýramowyň çarşenbe güni Şarja Söwda-senagat edarasynyň başlygy Abdulla Sultan Al-Owaýs hem-de BAE-niň Söwda-senagat edaralar federasiýasynyň baş sekretary Hamid Muhammed bin Salem bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

“Al Khaleej” gazetiniň maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar iki döwletiň arasynda ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň we BAE-niň häzirki maýa goýum ýagdaýy, işewürlik gurşawy hem-de ykdysady mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

 

Abdulla Sultan Al-Owaýs ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň hem-de işewür toparlaryň özara saparlarynyň guramagynyň möhümdigini aýratyn belledi. Şeýle-de ol işewür jemgyýetleriň arasynda göni hyzmatdaşlygyň söwda dolanyşygyny artdyrmaga we hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge itergi berýändigini nygtady.

 

Duşuşykda BAE-niň Söwda-senagat edaralar federasiýasynyň ykdysadyýet, söwda we maýa goýum ugurlarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi hem beýan edildi.

 

Ýatladyp geçsek, Türkmenistan – BAE işewürlik forumynyň ikinjisi 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Şarja Söwda-senagat edarasynyň binasynda üstünlikli geçirildi.

 

Bu barada Biznes Türkmenistan web-saýtynda hem tanşyp bilersiňiz.

 

Dildara Durdyýewa,

Farap etrabynyň Farap şäher Çagalar we

ýetginjekler döredijilik öýüniň kitaphanaçysy.