logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan bilen Eýran söwda hyzmatdaşlygyny giňeldýär
  14.10.2025
481
Türkmenistan bilen Eýran söwda hyzmatdaşlygyny giňeldýär

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak we onlaýn hem-de offlaýn görnüşindäki söwda meýdançalaryny döretmek bilen baglanyşykly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Eýranly wekiller 2025-nji ýylyň maýynda Gürgen şäherinde türkmen önümleriniň sergisiniň üstünlikli geçirilendigini belläp, şeýle sergileri Bojnurd şäherinde hem geçirmegiň mümkinçiligini aýtdylar. Bojnurdyň geografik ýerleşişi we logistiki amatlylygy munuň üçin uly mümkinçilik döredýär.

 

Duşuşykda önüm öndürijileriň maglumatlaryny ýerleşdirmek, hyzmatdaşlygyň sanly ugurlaryny ösdürmek we iki ýurduň arasynda işewür gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek baradaky ynam beýan edildi.

 

Gunça BEGENJOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.