logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda göni awiagatnawlar ýola goýlar
  21.07.2022
863
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda göni awiagatnawlar ýola goýlar

20-nji iýulda ýurdumyza Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili resmi sapar bilen geldi. Gruziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň degişli ministrliklerinde gepleşikler geçirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda göni awiagatnawlary ýola goýmak we iki ýurduň arasynda ýük gatnawlaryny artdyrmak babatda ylalaşyga gol çekişdi.

Gruziýanyň ykdysadyýet ministri Lewan Dawitaşwili bu barada beren beýanatynda: “Biz söwda gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem has köp gruzin harytlaryny Türkmenistana eksport etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk» –  diýip belläp geçdi.