logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanşygy 55,9% artdy
  08.04.2022
976
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanşygy 55,9% artdy

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanşygy 29 million ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ($18,6 million) 55,9% artdy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 28,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ($17 million) 66,5% ýokarydyr. Gruziýanyň Türkmenistana eksporty bolsa geçen ýylyň ýanwar-fewral aýlary bilen deňeşdirilende 1,6 million ABŞ dollaryndan 828 müň 970 ABŞ dollaryna çenli ýa-da 50,3% peseldi.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan Gruziýanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň hataryna girdi. Gruziýanyň iň iri üç hyzmatdaşy bolsa Türkiýe ($354,2 million), Russiýa ($274,6 million) we Azerbaýjan ($248,8 million) boldy.