logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň hyzmatdaşlygy giňelýär
  18.04.2025
1087
Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň hyzmatdaşlygy giňelýär

Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction Co” kompaniýasy Türkmenistanyň gündogar sebitinde dökün önümçilik zawodynyň gurluşygy boýunça umumy bahasy 700 million amerikan dollaryna barabar bolan çarçuwaly şertnama baglaşdy. Bu barada Koreýanyň Söwda, senagat we energetika ministrligi resmi maglumat berdi.

 

“Ýonhap” habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, şertnama Seulda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen gol çekildi. Ministrligiň bellemegine görä, koreý kompaniýasy bu taslama üçin iň mynasyp dalaşgär hökmünde saýlanyldy.

 

Taslamanyň çäklerinde fosfor serişdeleri gaýtadan işlenip, döwrebap dökün önümçiligi ýola goýlar. Zawodyň gurluşygynyň tamamlanmagy we ulanyşa berilmegi 2029-njy ýyla meýilleşdirilýär.

 

Şertnama gol çekilenden soň, Günorta Koreýanyň senagat ministri An Duk Gyn bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.