21 awgust 2026 — Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim we hünärmenleri taýýarlamak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi boýunça duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin hem-de PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd. kompaniýasynyň Baş direktory Ismadi bin Ismailiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Duşuşykda iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebit-gaz pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi.
PETRONAS-yň Türkmenistandaky köpýyllyk işi iki ýurduň arasynda uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Kompaniýanyň goldawy bilen türkmen ýaşlaryna Malaýziýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin talyp haklary berilýär. Hususan-da, Universiti Teknologi PETRONAS-da bilim almak mümkinçilikleri nebit-gaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe.
Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Universiti Teknologi PETRONAS-yň hormatly doktorydygy hem bellenildi.
Häzirki wagta çenli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamynda 20-ä golaý hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi. Şu ýylyň iýun aýynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň üç ýokary okuw mekdebi bilen Malaýziýanyň Universiti Tenaga Nasional uniwersitetiniň arasynda talyplaryň alyş-çalşygy we akademiki hereketlilik maksatnamalary boýunça üç ylalaşyk baglaşyldy.
Duşuşykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, PETRONAS hem-de Universiti Teknologi PETRONAS bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary Universiti Teknologi PETRONAS-da hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýarlar.
Duşuşygyň esasy wakalarynyň biri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd. kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi boldy. Resminama PETRONAS-yň Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda gol çekildi.
Täze Ähtnama bilim we hünär taýýarlygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem ýaşlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljekde hem ösdüriljekdigine we Ähtnamada kesgitlenen maksatlaryň iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.