logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
  16.07.2025
1308
Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça Bilelikdäki Beýanata gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

 

Resminama gol çekilmezinden ozal Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Ruandanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Martin K. Ngoga iki döwletiň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Duşuşykda A. Ataýewa Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ruandanyň Hökümetine BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) ýokary derejede gatnaşmak üçin ýene bir gezek resmi çakylyk iberdi.

 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen Türkmenistanyň we Ruandanyň hökümetlerini hem-de halklaryny gutladylar. Bu ädim gatnaşyklary berkitmäge we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esaslaryny döretmäge gönükdirilen möhüm başlangyç hökmünde häsiýetlendirildi.

 

Mahym ANNADURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.