logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan bilen Russiýa iki sany gury ýük daşaýjy gämisini gurar
  21.01.2023
1050
Türkmenistan bilen Russiýa iki sany gury ýük daşaýjy gämisini gurar

Türkmenistanyň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ Tatarystanyň «Ak Bars» korporasiýasy bilen bilelikde iki sany gury ýük daşaýjy gämisini gurmagy maksat edinýär. Bu barada Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik forumynyň dowamynda aýdylyp geçildi.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodymyz bilen «Ak Bars» korporasiýasynyň arasynda iki sany gury ýük daşaýjy gämisiniň gurluşygy barada bilelikdäki Memoranduma gol çekildi. Häzirki wagtda şertnama düzmek we bu taslamany durmuşa geçirip başlamak üçin amallaryň üstünde işlenilýär.

Belläp geçsek, Türkmen-rus işewürlik maslahaty 19-20-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirildi. Oňa gatnaşyjylar senagat kooperasiýasy, gurluşyk önümçiligi, maglumat tehnologiýalary, sanly ulgama geçmeklik we ulag-logistika ýaly birnäçe ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen-rus işewürler forumynyň umumy mejlisine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin gatnaşdylar.