logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan bilen ÝTÖB bank hyzmatdaşlygyny giňeldýär
  06.03.2025
1786
Türkmenistan bilen ÝTÖB bank hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Şügün Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Maliýe institutlary boýunça müdirliginiň dolandyryjy direktory Fransiz Maližyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň esasy mowzugy ÝTÖB-niň Türkmenistan boýunça geljek döwür üçin täze strategiýasyny taýýarlamak boldy.

 

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, wekiliýet topary ýurduň bank ulgamynyň zerurlyklaryny öwrenmek we ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemek maksady bilen Türkmenistana geldi.

 

Taraplar ikiçäk hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin we netijelidigini belläp, ÝTÖB-niň şu güne çenli söwda, önümçilik, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ýaly ugurlarda 80-den gowrak taslamany durmuşa geçirenligini nygtadylar.

 

Mundan başga-da, duşuşykda bank ulgamynyň ösdürilmegi, eksportyň ilerledilmegi we döwrebap bank tejribeleriniň ornaşdyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 1991-nji ýylda 40 ýurduň we 2 halkara guramanyň gatnaşmagynda döredilip, häzirki wagtda 34 ýurtda maliýe taslamalaryny amala aşyrýar. Türkmenistanda bolsa bankyň işine 1992-nji ýylda başlanýar.