logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy
  17.04.2025
3489
Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen EKOSOS ýaşlar forumynyň we “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogy” çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary ÝUNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Diýene Keýta bilen duşuşyk geçirdi.

 

Duşuşykda türkmen wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watan daýanjy” şygarynyň döwletimiziň ýaşlara degişli syýasatynyň esasy ugrudygyny belläp geçdi. Türkmenistanyň ýaşlara degişli strategiýasy ýaşlaryň şahsy mümkinçiliklerini açmaga, olaryň bilim, ykdysadyýet we medeniýet ulgamyndaky işjeňligini artdyrmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýaşlar syýasy taýdan işjeň, innowasiýa mümkinçiliklerine eýe bolan we döwrebap düşünjeli nesil hökmünde kemala gelýär.

 

Diýene Keýta Türkmenistanyň ýaşlar boýunça öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Ol ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň ÝUNFPA-nyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini we onuň beýleki ýurtlar üçin nusgalyk tejribe bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogyndaky” orny we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde edýän goşandy aýratyn bellenildi.

 

ÝUNFPA-nyň ýolbaşçysy guramanyň demografiýa, reproduktiw saglyk we gender deňligi boýunça alyp barýan işleri, şeýle-de bu ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de, Türkmenistanyň “Ýaşlyk” tele we radioýaýlymlarynyň ÝUNFPA tarapyndan goldanylýandygy we ýurdumyzyň başlangyçlarynyň “Youth Leadership Programme” we “Data for Development” ýaly halkara taslamalar bilen utgaşdyrylyp bilinjekdigi nygtaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi