logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Türkmenistan – Bitarap we asuda mekan
  23.11.2022
2150
Türkmenistan – Bitarap we asuda mekan

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyna 27 ýyl dolýar. Arkadagly Serdarymyz türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini giňden dabaralandyrmaga, onuň sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekdäki ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmäge, halkara başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrmaga mynasyp goşant goşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan ýörelgeler esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek işinde özboluşly gural bolup hyzmat edýär.

Bitaraplyk — dünýäniň halklary we sebitleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýynyň has-da artmagyna getirdi. Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklary ulgamyna we dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýar.

Milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyk gelýän wajyp başlangyçlary öňe sürýär we amala aşyrýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryny, şertnamalaryny, konwensiýalaryny ykrar edýär. Şeýle hem halkara borçnamalaryny doly we dogry ýerine ýetirýän döwletimiz ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine ulanmaga gönükdirýär.

Il-halkynyň eşretli ýaşaýşy, dünýä halklarynyň parahatçylygy, abadançylygy ugrunda ägirt uly tagallalar edýän hormatly Hormatly Prezidentimiziň jany sag, asylly başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun.  

 

Amandursyn DURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.