logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /Türkmenistan Bitaraplygyň mekany
  06.02.2020
3699
Türkmenistan Bitaraplygyň mekany

Arkadagyň ýyl şygary Watana

Türkmenistan Bitaraplygyň mekany

Nurly güneş dogdy Türkmenistana

Türkmenistan Bitaraplygyň mekany!

 

Säheri sährasy dag düzi gözel

Gyş bahar tomusy hem güýzi gözel

Şanyňa ýaňlanýar goşgudur gazal

Türkmenistan Bitaraplygyň mekany!

 

Bu gün giň dünýäde ýaňlanýar adyň

Menzilleri aşsyn bedew deý badyň

Eşretiňe teşne ýakynyň ýadyň

Türkmenistan Bitaraplygyň mekany!

 

Dogumuň kuwwatly bardyr gaýratyň

Gül bossana döndi pajarlap bagtyň

Lälezar eýledi ömür daragtyň

Türkmenistan Bitaraplygyň mekany!