logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Poetry /“Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” ýyly
  12.12.2020
1077
“Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” ýyly

     “Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň toýuny uludan toýlar. Bu ajaýyp senäniň toý ruhubelentligi eziz Diýarmyzyň ähli ýerlerinde ulydan taýýarlyklar görülýär. Obadyr şäherçelerimiz, şäherlerimiz toý ruhubelentligi bilen eziz diýarymyzyň ähli ýerini gurşap alýar. Watanymyzyň dünýä döwletlerini we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary Türkmenistanyň Bitarap döwlet, ylalaşdyryjy merkez hökmünde abraýyny has-da belende göterdi.

Hemişelik Bitaraplygyň geçen 25 ýyllyk taryhy döwrüniň dowamynda ýurdumyzyň bu halkara hukuk ýagdaýy möhüm wezipeleri çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň işjeň guraly hökmünde ykrar edildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy-türkmeniň baky bagtydyr. Dünýäniň iň abraýly halkara guramalarynyň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2015-nji ýylda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň ilkinji gezek kabul edilmegi halkymyzyň parahatçylyk söýüjülige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan, milli däplerimize we garaýyşlarymyza doly laýyk gelýän ajaýyp ýörelgeleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldaw tapýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasyna öwrüldi.