logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylynda “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary”
  27.01.2020
1162
Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylynda “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary”

     Türkmenistan Bitaraplygyň mekany ýylynyň ilkinji aýy dürli çärelere ulaşyp, zähmet adamlarynyň ruhuny göterýän aýdym-sazyň hoş owazy belende ýaňlanýar. Şeýle çäreleriň biri Sarahs etrap medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, Sarahs etrap Ýaşlar guramasynyň, Sarahs etrap Zenanlar guramasynyň, Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň, Sarahs etrap kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýyly mynasybetli “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” ady bilen dabara geçirildi. “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” ady bilen zenanlaryň arasynda geçirilen dabara önümçiligiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlar, medeniýet bölüminiň gelin-gyzlary we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamyndaky çykyşlarda zenanlar Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň artmagyna, ýokary aň-düşünjeli, bilimli, hünärli nesilleriň kemala gelmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýandyklaryny, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol ýörelgeleri mynasyp derejede dowam etdirýändiklerini görkezdiler. Olaryň çykyşlarynyň üsti bilen häzirki wagtda zenanlaryň durmuşymyzda tutýan ornuna, ýokary amatly şertlerde zähmet çekmegine we ýaşamagyna döredilen şertlere bolan buýsançlaryna göz ýetirmek has-da ýakymly boldy. Bagtyýar zenanlar alyp barýan işlerine we jemgyýetde tutýan ornuna laýyklykda birnäçe ugurlar boýunça çykyş etdiler. Dabarada aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berildi. Gelin-gyzlarymyzyň milli däp-dessurlarymyzy wasp edýän halk döredijilikleri, ýerine ýetiren tansdyr falklýor çykyşlary we aýdymlary dabara özboluşly ruhubelentlik goşdy. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli geçrilen dabaradaky çykyşlarda Arkadagly bagtyýar döwrümize, hemişelik Bitarap watanymyza, eşretli durmuşymyza bolan buýsançly alkyşlar beýan edildi hem-de halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyldy.