logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär
  22.11.2025
358
Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy hem-de halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Bu ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu gün diňe bir senä däl, eýsem, ähli ýurtlaryň arasynda parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýa parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň goňşy döwletler we iri halkara guramalar bilen gatnaşyklaryna oňyn itergi berýär. Hususan-da, BMG bilen hyzmatdaşlyk ýurduň sebitde we dünýäde durnuklylygyň üpjün edilmegine hem-de ýokary derejedäki durmuş-ykdysady ösüşiň amala aşyrylmagyna aýratyn goşant goşýar.


Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitdäki we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek arkaly ýurdumyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär.


Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirýär hem-de dünýäniň köp döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.


Şol bir wagtyň özünde 12-nji dekabrda paýtagtymyz Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara forum, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasyna öwrüler.
 

Ysmaýyl Meredow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň IV ýyl talyby.