logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistan boýunça 3 million düýp saýaly, pürli we miweli bag nahallary ekiler!
  25.02.2023
1299
Türkmenistan boýunça 3 million düýp saýaly, pürli we miweli bag nahallary ekiler!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2023-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň

 

 

— ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň;

 

 

— welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 

 

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

 

 

Şeýle hem resminama bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm, şeýle-de 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek hem-de şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.