logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan Brýusselde geçirilen “Dünýä syýahatçylyk forumy – 2025”e gatnaşdy
  27.10.2025
590
Türkmenistan Brýusselde geçirilen “Dünýä syýahatçylyk forumy – 2025”e gatnaşdy

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçisi B. Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 20–21-nji oktýabry aralygynda Brýussel şäherinde geçirilen «Dünýä syýahatçylyk forumyna – Global Tourism Forum 2025» gatnaşdy. Bu barada Biznes Türkmenistan saýty habar berýär.

 

Foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan hökümet edaralarynyň, halkara guramalarynyň hem-de syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Ýewropa Komissiýasynyň syýahatçylyk we transport boýunça komissary Apostolos Sisikostas, şeýle hem BMG-niň Syýahatçylyk Guramasynyň (UN Tourism) saýlanan baş sekretary Şaiha Al Nuwais dagy çykyş etdiler.

 

Maslahatda dünýä syýahatçylyk pudagynyň häzirki ösüş ugurlary, durnukly syýahatçylygy ösdürmek babatda tejribe alyşmak, pandemiýadan soňky döwürde bu ulgamda alnyp barylýan dikeldiş çäreleri we täze başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sanlylaşdyrma, “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

 

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy ýurdumyzyň dünýä syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga goşant goşmaga, özara düşünişmegi we halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmenistan syýahatçylygy durnukly sosial-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görýär we baý medeni-taryhy mirasyny halkara derejesinde wagyz etmäge uly ähmiýet berýär.

 

Dawut BEGLIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.