logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna doly hukukly agza hökmünde goşulmak isleýär
  20.02.2023
1094
Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna doly hukukly agza hökmünde goşulmak isleýär

Türkmenistan - häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek maksady bilen Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) doly hukukly agza hökmünde goşulmak boýunça birnäçe teklipleri taýýarlaýar. Bu barada, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, BSG bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk üçin Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak, bu gurama doly hukukly agza hökmünde goşulmak boýunça görülýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň BSG-a girmek baradaky resmi arzasy 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrnda kabul edildi. Türkmenistan 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-a goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesi berildi.