Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /TÜRKMENISTAN DEMOKRATIK, HUKUK, DÜNÝEWI DÖWLETIŇ ESASLARYNY KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ÝOLUNDA!
  05.02.2020
941
TÜRKMENISTAN DEMOKRATIK, HUKUK, DÜNÝEWI DÖWLETIŇ ESASLARYNY KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ÝOLUNDA!

   Berkararlyk döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň Ýaragly güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, onuň harby kuwwaty we goranyş ukyby ýokarlanýar.  

     Hormatly Prezidentimiz milli kanunçylyk ulgamynyň döwrüň täze talaplaryna laýyk getirilmelidigini, ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanmalydygyny aýratyn belleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatdaky teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň geçiren mejlisinde Belent Serkerdebaşymyzň nygtaýşy ýaly, Esasy Kanunymyza täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan maddalaryň, şeýle hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi Türkmenistanda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny kämilleşdirmegiň ýolunda has uly üstünlikleri gazanmaga saldamly goşant bolar. Konstitusiýa döwletiň, jemgyýetiň ösüş ýörelgelerini, adamyň we raýatyň esasy hukuklaryny, borçlaryny, raýatlaryň wekilçilikli edaralara saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarynyň kepilliklerini, döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny hem-de olaryň ygtyýarlyklaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň umumy kadalaryny özünde jemleýär.

      2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilip, 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizilýän «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň hukuklarynyň döwrebap derejede, şol sanda sanly ulgamlar, sanly serişdeler arkaly amala aşyrylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň biri bolup durýar. Bu hukuk resminamasy jemi togsan bäş maddadan ybarat bolup, raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagyň tertibini düzgünleşdirýär we bu wezipäni amala aşyrýan edaralaryň işiniň guramaçylyk, hukuk esaslaryny kesgitleýär. Raýatyň dogluş resminamalaryny resmileşdirmekden başlaýan işiň tertibiniň ýörite kanun bilen düzgünleşdirilmegi, raýat ýagdaýynyň namalarynyň takyk we anyk bolmagy, raýatyň kämillik ýolunyň, onuň durmuşyndaky hukuk ähmiýetli wakalaryň döwlet belligine alynmagy, raýatlaryň durmuş-üpjünçilik hukuklaryny amala aşyrmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Resminamalaryň kompýuter-elektron tehnologiýalar arkaly ulgamlaşdyrylmagyna, resminama-maglumat dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýol açýar. Şonuň bilen birlikde, bu resminama raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň bir bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň tertibi baradaky düzgünleri hem özünde jemleýär.

      Öz hünärine ussat, häzirki zamanyň harby sungatyndan oňat baş çykarýan harby işgärleri taýýarlamak işlerini kämilleşdirmegi bagtyýarlyk döwrüniň möhüm wezipesine öwren hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!