logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistan doganlyk halka üçünji ynsanperwer kömegini iberdi!
  16.02.2023
1136
Türkmenistan doganlyk halka üçünji ynsanperwer kömegini iberdi!

Mälim bolşy ýaly 6-njy fewralda Türkiýede örän pajygaly ýertitremesi boldy. Beýleki döwletler bilen bir hatarda Türkmenistan hem doganlyk halka ynsanperwer kömegini we 10 sany lukmandan ybarat topary iberdi.

Türkmenistan Türkiýedäki «asyryň betbagtçylygy» diýlip atlandyrylýan ýertitremede ejir çekenlere üçünji ynsanperwer kömegini iberdi. Bu barada, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral «Twitter» sahypasynda belläp geçdi.