logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky täze möhletli goýumyny hödürleýär
  15.09.2022
959
«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky täze möhletli goýumyny hödürleýär

Eziz watandaşlar!

 

 

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek üçin «Garaşsyzlygyň ýalkymy» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär

 

 

«Garaşsyzlygyň ýalkymy» möhletli goýumy ýyllyk 8% bilen 6 (alty) aý möhlete we ýyllyk 11% bilen 12 (on iki) aý möhlete açylýar, goýumyň iň az möçberi 1 000 (bir müň) manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmedik. Pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär we goýumyň üsti doldurulmaýar, şeýle hem göterimler her aýda hasaplanýar hem-de tölenýär.

 

 

Hormatly adamlar, Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Garaşsyzlygyň ýalkymy» atly täze goýumyň 2022-nji ýylyň l-nji sentýabryndan başlap, 30-njy sentýabryna çenli açylýandygyna ünsüňizi çekýär.

 

 

«Garaşsyzlygyň ýalkymy» möhletli goýumy her bir raýat üçin amatlydyr we ygtybarlydyr.

 

 

Giňişleýin maglumat almak üçin bankymyzyň ýörite sorag-jogap gullugyna, şeýle hem internet sahypamyza ýüz tutup bilersiňiz.

 

 

Telefon belgimiz: (+99312) 44-03-04.
Internet sahypamyz: www.tnbk.tm