logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Türkmenistan» DTB - «Owerdraft» kartyndan peýdalanmaga çagyrýar!
  18.01.2023
1255
«Türkmenistan» DTB - «Owerdraft» kartyndan peýdalanmaga çagyrýar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Owerdraft» kartyndan peýdalanmaga çagyrýar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Altyn asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilerine bank tarapyndan hödürlenilýän gysga möhletli karzlar üçin «Owerdraft karty» atly bank kartynyň ulanyşa girizilendigini habar berýär.

«Owerdraft karty» nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk halatynda baglaşylan şertnama laýyklykda onuň «Owerdraft kart» hasabyna kesgitlenen çäklerde awtomatiki usulda gysga möhletli karzlary resmileşdirmäge mümkinçilik berýär.

Müşderiniň aýlyk zähmet haky geçýän «Altyn asyr» bank kart hasabyna serişde gelip gowşanda bellenilen tertipde karz yzyna gaýtarylýar. Şeýle hem degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, «Owerdraft karty» hasabyna karzy gaýtadan ulanmak mümkinçiligi döredilen.

Bankyň merkezi edarasy boýunça habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-03-04. 

Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň www.tnbk.tm resmi internet sahypasynda görkezilen.