logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan Gazagystana umumy bahasy 24,9 million dollarlyk pomidory eksport etdi
  23.11.2022
1028
Türkmenistan Gazagystana umumy bahasy 24,9 million dollarlyk pomidory eksport etdi

2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistanyň Gazagystana eksporty 2,1 esse ýokarlanyp, 75 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Degişli döwürde Türkmenistanyň Gazagystana umumy eksportynyň 42 göterimine golaýyny, ýagny 31,4 million dollaryny tebigy gaz eýeledi. 8 aýda Türkmenistan umumy bahasy 24,9 million dollarlyk pomidory goňşy döwlete eksport etdi. Gazagystana ýurdumyzdan eksport edilen harytlaryň hatarynda nebit önümleri (4,4 million dollar), dokma önümleri (3,1 million dollar), haltalar we polietilen torbalar (1,3 million dollar), ýol gurluşyk tehnikalary (1,2 million dollar) we kelem (990 müň dollar) bar.

Şeýle hem, ýanwar — awgust aýlarynda Gazagystanyň Türkmenistana eksporty 2,5 esse ýokarlanyp, 211,1 million dollara barabar boldy. Gazagystanyň Türkmenistana eksportynyň esasy bölegini bugdaý, telefon aragatnaşyk enjamlary, kiçi göwrümli gämiler we tüwi eýeleýär.