logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Türkmenistan geçen ýyl 104 müň tonna pomidory eksport etdi
  17.02.2023
995
Türkmenistan geçen ýyl 104 müň tonna pomidory eksport etdi

Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçileri geçen 2022-nji ýylda ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilen pomidoryň 104 müň tonnasyny daşary ýurtlara eksport etdiler.

Geçen ýylda daşary ýurtlara eksport edilen pomidoryň möçberi ondan ozalky ýyldakydan görnetin ýokarlandy. Bar bolan maglumata görä, 2022-nji ýylda Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna iň köp ýyladyşhana pomidoryny eksport eden ýurtlaryň hatarynda 4-nji orny eýeledi.

Şeýle hem, ýurdumyz geçen ýylda Täjigistan Respublikasyny ýyladyşhanalarda ösdürilen pomidor bilen üpjün ediji esasy ýurt boldy.

Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pomidor hasylynyň Täjigistana eksporty ilkinji gezek 2020-nji ýylda ýola goýlupdy.

Belläp geçsek, Türkmenistanda ýyladyşhanalarda gök önümleri, şol sanda pomidory ösdürip ýetişdirmek üçin 712 gektar ýer bölünip berildi.

 

Aýlar ANNANUROWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.