logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Türkmenistan – Gruziýa bilen howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder
  27.10.2022
959
Türkmenistan – Gruziýa bilen howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

Şu ýylyň 20-nji iýulynda Gruziýanyň Mejlisi Gruziýa bilen Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasynda göni uçuşlaryň başlamagyna mümkinçilik berýän «Howa aragatnaşygy barada» şertnamany tassyklady. Häzirki wagtda tassyklanan şertnama güýje girdi.​ Resminama laýyklykda, Gruziýa we Türkmenistan birek-biregiň howa giňişliginde uçuşlary amala aşyrmak, şeýle hem gonuşlary, şol sanda ýolagçy we ýük gatnawlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik alar.

Iki ýurduň awiakompaniýalary şertnama baglaşylan ýurtlarda ofislerini açmak we petek satmak hukugyna eýe bolar. Täze ugurlar boýunça uçar gatnawlaryny ýola goýmak üçin kompaniýalar uçuşlaryň ýygylygyny, uçaryň görnüşini we meýilnamanyň dowamlylygyny görkezýän maglumatlary tabşyrmalydyrlar.