logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /Türkmenistan ikinji emeli aragatnaşyk hemrasyny Äleme uçurmagy meýilleşdirýär
  12.11.2022
1568
Türkmenistan ikinji emeli aragatnaşyk hemrasyny Äleme uçurmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan ikinji emeli aragatnaşyk hemrasyny Äleme uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmen hemrasy» ÝGPJ-niň direktory Batyr Orazdurdyýew «Türkmentel—2022» Halkara maslahatynyň dowamynda belläp geçdi.

Batyr Orazdurdyýew, bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» goşulandygyny aýdyp geçdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, ilkinji aragatnaşyk hemrasy bolan «TürkmenÄlem 52°E» - 2015-nji ýylyň aprel aýynyň 27-ne 23 sagat 03 minutda, ABŞ-nyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan «Falcon 9» amerikan raketasy bilen älem giňişligine uçuryldy. Onuň hyzmat möhleti 15 ýyl bolup durýar. Hemra, Türkmenistanyň buýurmasy boýunça fransuz kompaniýasy «Thales Alenia Space» tarapyndan öndürildi.