logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Türkmenistan, Özbegistan we Eýran demir ýol hyzmatdaşlygy
  16.06.2025
846
Türkmenistan, Özbegistan we Eýran demir ýol hyzmatdaşlygy

Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demirýol agentlikleriniň arasynda möhüm üçtaraplaýyn duşuşyk Arkalaşygyň Demirýol ulaglary geňeşiniň 82-nji mejlisiniň çäginde geçirildi. Duşuşykda “Özbegistan – Türkmenistan – Eýran” halkara multimodal ulag ugruny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugur Ýewropa ýurtlaryna demir ýol arkaly ýük daşamalaryny giňeltmäge gönükdirilendir.

 

Duşuşygyň esasy temasy ýük akymyny artdyrmak we logistika zynjyrlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boldy. Taraplar gatnaw amallaryny ýeňilleşdirmek, gatnaşyklary utgaşdyrmak we harytlaryň päsgelçiliksiz geçmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Gepleşikleriň netijesinde taraplaryň hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek we ulag gatnawlaryny ösdürmek maksady bilen degişli Teswirnama gol çekildi.

 

Bu hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy gatnaşyjy ýurtlaryň we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine hem-de bar bolan ulag ugurlarynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna itergi berer diýip garaşylýar.