logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Nature /Türkmenistan parnik gazlaryny tükellemek işine çynlakaý çemeleşýär
  10.04.2024
608
Türkmenistan parnik gazlaryny tükellemek işine çynlakaý çemeleşýär

Aşgabatda BMGÖM we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäginde «Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi» parnik gazlaryny tükellemek boýunça okuw guraldy.

 

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça dördünji milli habarnamany taýýarlamagyň çäginde bu okuwyň esasy maksady, parnik emele getiriji gazlaryň mukdaryny tükellemek, maglumatlary ýygnamak, milli görkezijileri işläp düzmek bilen baglanyşykly esasy ministrlikleriň we bölümleriň hünärmenleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmakdyr. 

 

Gatnaşanlar ýerden peýdalanmak üçin parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň milli sanawyny gowulandyrmak, ýerden peýdalanmak we tokaý hojalygynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem parnik emele getiriji gazlaryň mukdaryny tükellemek, şol sanda programma üpjünçiligi ýaly innowasiýa usullary bilen tanyşdylar. 

 

Bu okuw Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy BMG we Howanyň üýtgemegi baradaky Pariž şertnamasy boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirmäge goşant goşar.

 

Şirin MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.