logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Türkmenistan «PS-600» görnüşli sement öndürýän döwletleriň hataryna goşular
  15.03.2024
583
Türkmenistan «PS-600» görnüşli sement öndürýän döwletleriň hataryna goşular

13-nji martda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry işe girizildi. Gurluşygyna 2020-nji ýylyň iýunynda badalga berlen bu desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.

 

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da berkitmek, Diýarymyzy ýerli gurluşyk harytlary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek hem-de olaryň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen gurlan Lebap sement zawodynyň täze tapgyry dürli maksatly binalardyr desgalaryň 38-sinden ybarat. Onuň ulanmaga berilmegi netijesinde, kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 million tonna ýeter. Munuň üçin zawodyň ýerleşýän ýeri bolan Köýtendag sebitinde çig mal gorlary näçe diýseň bar.

 

Ýeri gelende bellesek, zawodyň birinji tapgyrynda-da işler ýyl-ýyldan kämilleşdirilip, geçen ýylda onuň önümçilik mümkinçiligi 1,1 million tonna ýetirildi.

 

Ozal bu ýerde «PS-400» we «PS-500» görnüşli sement öndürilýän bolsa, täze tapgyryň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde has uly islege eýe bolan «PS-600» görnüşli sementi hem öndürýän döwletleriň hataryna goşular.

 

Zawodda Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň we Türkiýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, olar önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. 

Çynar Durdyýewa,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
Institutynyň
talyby.