logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /“Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII spartakiadanyň etrap tapgyry geçirildi
  28.11.2023
784
“Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII spartakiadanyň etrap tapgyry geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň “Biziň baş maksadymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekden ybaratdyr” diýip berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin sagdyn gurşawy döredýär. Biz hem okuwçylary peýdaly ugra gönükdirmek, bedeniňi berkitmek, ruhubelentligi tapmak maksady bilen dürli sport çäreleri geçirýäris. Şeýle bäsleşikleriň biri hem şu günler dowam edýän “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII spartakiadanyň etrap tapgyrynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça etrabyň 27-nji orta mekdebinde Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirildi.   

 

 

Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çekeleşikli we täsirli geçen bäsleşigiň ahyrynda 28-nji orta mekdebi üstünlikli çykyş edip 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 4-nji mekdep, 3-nji orny bolsa 27-nji mekdebiň okuwçylary eýelemegi başardylar.

        

 

Ýaryşda ýeňiji bolan okuwçylara Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatylary gowşuryldy.

 

 

Arslan ORAZLIÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Tejen etrap Geňeşiniň işgäri.