logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Türkmenistan – sagdynlygyň ýurdy
  09.12.2023
699
Türkmenistan – sagdynlygyň ýurdy

Ynsanyň iň uly baýlygy bolan jan saglyk hakynda dana pederlerimiz “Sag başym – soltan başym” ýa-da “Saglyk – beglik” ýaly nakyllary döredipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy has-da täze derejelere çykdy. Halkymyzyň saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetde wagyz etmekde giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy bu ulgamy ösdürmekde işjeň hereket edýär. Ýylsaýyn artýan, diýarymyzyň gözel binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän döwrebap, öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleri halkymyza elýetlerli, bökdençsiz hyzmat edýär. 

 

 

Diýarymyzyň bu ulgamda barha ilerlemegine halkara derejesinde ýokary baha berilýär. Ýeri gelende Türkmenistan watanymyzyň 2023 – 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylandygyny bellemek juda buýsançlydyr. Bu şatlykly habar hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýuna uly sowgat boldy. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň beden, ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň halkara derejesindäki ykrarnamasy bolup çykyş edýär. 

 

 

Ýusup GOÇGAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.