logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistan sebitleýin demir ýol geçelgesiniň merkezinde
  21.05.2025
704
Türkmenistan sebitleýin demir ýol geçelgesiniň merkezinde

“Azerbeýjanyň demir ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Rowşan Rustamow bilen Pakistanyň demir ýol ulagy boýunça döwlet ministri Bilal Azhar Kaýani duşuşdy. Duşuşykda Owganystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen täze logistika geçelgelerini döretmek meseleleri esasy üns merkezinde boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

 

Gepleşikleriň dowamynda strategik ähmiýeti uly bolan Pakistan-Owganystan-Türkmenistan-Azerbeýjan ulag geçelgesi boýunça pikir alşyldy. Taraplar häzirki hyzmatdaşlyk derejesine kanagatlanma bildirip, ýük daşamalarynyň möçberini ýokarlandyrmak boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Bu ulag ugrunyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Geçelge ýurduň üstaşyr tranzit mümkinçiliklerini giňeldip, onuň sebitleýin logistika merkez hökmünde eýeleýän ornuny berkitmäge ýardam berýär. Azerbeýjan bolsa bu geçelgäni konteýner ýük daşamalary arkaly Günorta we Merkezi Aziýanyň hem-de Hazar sebitiniň arasynda ulag gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm ädim hökmünde kabul edýär.

 

Pakistan-Owganystan-Türkmenistan-Azerbeýjan geçelgesi sebitiň içinde arabaglanyşygy güýçlendirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň möhüm bölegi bolup durýar.