Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-nyň XXVII opera günlerine bagyşlanan dabaraly konsert geçirildi. Çärä Türkmenistan, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan döwletleriniň opera sungatynyň ussatlary gatnaşdylar. Bu çäre ýurdumyzda medeniýet ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistan häzirki wagtda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu hyzmatdaşlykda medeni diplomatiýa möhüm orny eýeleýär. Şol nukdaýnazardan, TÜRKSOÝ bilen gatnaşyklary ösdürmek aýratyn ähmiýetlidir. Guramanyň çäklerinde geçirilýän halkara çäreler türki halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmäge we umumy medeni gymmatlyklary dünýä derejesinde wagyz etmäge hyzmat edýär.
Aşgabatda geçirilen bu konsert hem hyzmatdaşlygyň nobatdaky möhüm ädimi bolup, halklaryň taryhy we ruhy bitewüligini has-da pugtalandyrdy.
Konsert Döwlet simfoniki orkestriň we horuň ýerine ýetirmeginde «Türkmenistan — bagy-bossan» aýdymy bilen açyldy. Soňra dünýäniň nusgawy opera eserlerinden bölekler ýerine ýetirildi. «Romeo we Julýetta», «Karmen», «Faust» ýaly dünýä belli eserlerden aýdylan ariýalar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Baý maksatnamaly konsert sungatyň halklary birleşdirýän güýçdigini ýene bir gezek subut etdi. Çäre «Funikuli funikula» aýdymy bilen jemlenip, dostluk we agzybirlik ruhuny şöhlelendirdi.