logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / In the world /Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy
  29.11.2025
705
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy

Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewanyň ýolbaşçylygynda Aktauda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň 42-nji mejlisi geçirildi.
Maslahatda Gabalada (Azerbaýjan) bolan Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammitiniň netijeleri, şeýle hem Prezidentler tarapyndan berlen tabşyryklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, 2026-njy ýyl üçin TÜRKSOÝ-nyň işini kämilleşdirmek maksady bilen ýörite iş toparyny döretmek barada karar kabul edildi.

 

Şol bir wagtyň özünde «Aktau – türki dünýäsiniň medeni paýtagty» ýylynyň jemleri ýetirildi. Aida Balaýewa çykyşynda bu ýylyň dowamynda giň möçberli medeni çäreleriň üstünlikli amala aşyrylandygyny nygtady.

 

Mejlise gatnaşyjylara TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew gutlag sözleri bilen ýüzlendi. Ol guramanyň şu ýyl üç müňden gowrak artistiň gatnaşmagyny üpjün edendigini, şeýle hem ýüzlerçe neşir we sanly maglumatlaryň taýýarlanylyp çap edilendigini belläp geçdi.

 

Ahyrynda, 2026-njy ýylda Andijan şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesi berilýänligi sebäpli, Aida Balaýewa TÜRKSOÝ-nyň wagtlaýyn utgaşdyryjylyk ygtyýarlyklaryny Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowa tabşyrdy.

 

Dabaranyň netijesinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi.

 

Geçirilen mejlise Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň medeniýet ministrliklerinden wekiller, şeýle hem Mangystau welaýatynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

 

Türki medeniýetleriň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) esasy maksady türki döwletleriň we sebitleriň arasynda medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

 

Ýusup GURBANMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.