logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Türkmenistan we Azerbaýjan BMG-niň «e-CMR» ulgamyna goşuldylar
  21.01.2023
947
Türkmenistan we Azerbaýjan BMG-niň «e-CMR» ulgamyna goşuldylar

Azerbaýjan we Türkmenistan kagyz serişdelerini ulanmazdan ýük daşamalaryny amala aşyrmak we olaryň deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlardan deňize çykalgasy bolan ýurtlara daşalmagyny güýçlendirmek maksady bilen BMG-niň «e-CMR» ulgamyna goşuldylar. «e-CMR» teswirnamasy Gündogar-günbatar we demirgazyk-günorta söwdanyň merkezinde ýerleşýän Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň söwda we aragatnaşygynyň ösmegine, harytlaryň daşalmagyny sanly ulgama geçirilmegine ýardam berer.

Mundan başga-da, «e-CMR» teswirnamasy gaýtadan işlemek çykdajylaryny peseltmäge, administratiw we töleg gijikdirmelerini aradan aýyrmaga, ýükleriň gowşuryş ýerlerindäki ýüze çykýan meseleleri azaltmaga, logistika zynjyryndaky aýanlygy we howpsuzlygy ýokarlandyrmaga hem-de ýük daşamalaryny yzarlamak üçin has takyk maglumatlary almaga mümkinçilikleri berer.

Ulag kompaniýalary «e-CMR» teswirnamasy arkaly aňsatlyk bilen beýleki sanly ulgam hyzmatlaryna birigip bilerler.

Belläp geçsek, Birleşen Milletler Guramasynyň ýük daşamak boýunça konwensiýasyny (CMR konwensiýasy) 2008-nji ýyldan bäri 34 ýurt tassyklady.

Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň «e-CMR» ulgamyna goşulmagy bu üýtgeýän ugurlar boýunça harytlaryň akymyny we üstaşyr geçişini netijeli dolandyrmaga ýardam eder. 

 

Mansur ÖWEZMURADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.