logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /Türkmenistan we Ermenistanyň arasynda lukmançylyk serişdeleriniň ylalaşygy gazanyldy
  01.04.2025
1138
Türkmenistan we Ermenistanyň arasynda lukmançylyk serişdeleriniň ylalaşygy gazanyldy

Türkmenistan we Ermenistan derman we lukmançylyk serişdeleriniň importy hem-de eksporty boýunça ylalaşyga geldi. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy habar berýär.

 

Bu ylalaşyk Ermenistanyň wekiliýetiniň Türkmenistana eden saparynyň çäklerinde, Ermenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Baş sekretary Wardui Grigorýanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde gazanyldy.

 

Mundan başga-da, Wardui Grigorýan 2025-nji ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşdy.

 

Maslahatyň dowamynda ol enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça Ermenistanyň esasy döwlet maksatnamalary bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem derman serişdeleriniň elýeterliliginiň üpjün edilmeginiň möhümdigi barada aýratyn nygtaldy.

 

 

Göwher OTUZOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň

Döwlet lukmançylyk uniwersitiniň assistenti,
lukmançylyk ylymlaryň kandidaty.